Igde
Boýy 8 metre çenli ösýän igde agajynyň miwesiniň ýakymly ysy, süýji tagamy bolup, terligine we guradylan görnüşde peýdalanylýar. Igdäniň miwesi ýabany haýwanlardyr guşlar üçin hem ýokumly iýmitdir. Kuwwatly kök ulgamy bolan igde agajy derýalaryň, howdanlaryň kenarlaryny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Onuň jarlaryň, gorplaryň emele gelmezligine garşy göreşmekde netijesiniň ýokarydygy, dik we gapdal kökleriniň ýeriň çuňlugyna aralaşyp, topragy berk saklaýandygy ylmy esasda anyklanandyr. Çygly howanyň saklanmagyna, baglaryň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna hem peýdasy uly bolan igde agajy şäniginden we çybygyndan köpeldilýär. Nahallary mydamalyk ýere oturdyrylandan soň, 5-6 ýyldan hasyl berip başlaýar, ýapraklandan soňra gülleýär. Aprel aýynda gülläp, sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda miweleri bişýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ösýän igde agajy yssy howa, gurakçylyga çydamly bolup, şorlaşan ýerde-de ösmäge ukyplydyr. Ol 60-80 ýyla çenli ýaşaýar.