
Ikselik
Halkymyz hojalyk gurallarynyň aýawly saklanmagyny üpjün etmek maksady bilen olar üçin ýörite gaplary dokapdyrlar ýa-da ýasapdyrlar. Mysal üçin alanymyzda dutar, gyjak, öý goşlaryny, azyk önümlerini salmak üçin ýörite dokama gaplar bolupdyr. Şeýle gaplaryň biri-de ikselikdir. Bilşimiz ýaly, türkmen durmuşynda ýüňden, pamykdan ýüplük egirmek üçin ýokarsy dilik gözli ýönekeýje gural bolan igiň peýdasy uly bolupdyr. Ikselik hem haly önümi bolup, ol ikleri we ýumaklary salmak üçin peýdalanylýar. Oňa özüne kybap gelýän birnäçe ownuk nagyşlar salynýar. Onuň göwrümi uly bolmaýar. Ol haly hem palas görnüşinde bolup, ýagny ýüz tarapy çitme, arka tarapy kakma usulynda dokalýar. Şeýle-de, onuň gyralary özüne kybap gelýän dürli reňkli gotazlar bilen bezelýär. Bu hem haly önümini has-da gözegelüwli hem-de owadan görkezýär.