Il saglygy — ýurt baýlygy
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Mollagara şypahanasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen çäre geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen birlikde şypahanada dynç alýan raýatlar gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik endige öwürmek, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek, dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çärä gatnaşyjylar öz aralarynda toparlara bölünip, sportuň bellenilen aralyga ylgamak, küşt we şaşka, türkmen milli göreşi, ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça güýç synanyşdylar.