“Ilkinjiler” monumenti

Ýurduň çäginde
05.08.2024
17

“Ilkinjiler” monumenti

Sungat älemine döretmek ýaraşýar. Döretmek bolsa bakylyga direnýär. Sungatyň islendik ugruny alanymyzda-da eger döredilen eser öz çeperligi we manylylygy bilen tapawutlansa, onuň ömri hem uzak bolýar. Sungat döredijiligiň birnäçe görnüşlerini özünde jemleýär. Olardan naýbaşy ugurlarynyň biri bolsa heýkeltaraşlyk sungatydyr.

Heýkeltaraşlyk - şahyranalyk we nepislik bilen çeper keşbi döretmeklikdir. Gözbaşyny gadymy “paleolit” döwründen alyp gaýdýan bu sungatyň ussatlaryna heýkeltaraş - skulptor diýilýär. Şeýle heýkeltaraşlaryň biri bolsa geçen asyrda ýaşap geçen meşhur heýkeltaraş - skulptor Aleksandr Aruşanowiç Abramowdyr. Geljekki meşhur heýkeltaraş Azerbaýjan döwletiniň Şuşa şäherinde dünýä inýär. Ýokary bilimi Harkow döwlet çeperçilik institutynda alýar. Okuwyny tamamlap Aşgabat şäherine işe gelýär. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde birnäçe monumentleri döredýär.

Zehinli heýkeltaraşyň zehininden syzylyp çykan eserleriň biri bolsa Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki “Ilkinjiler” diýip atlandyrylan meşhur ýadygärlik - monumentidir. Monumentiň gurluşygyna 1981-nji ýylda başlanylýar we 1983-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Balkanabadyň (öňki Nebitdag) döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli açylýar. Çölüň gämisi bolan düýe bilen “gara altynyň” gözlegine çykan geologlaryň çeper keşplerini öz eserine siňdirýär.

Bu ýadygärlikde çölüň gazaply tupanyna duşan maksada okgunly nebiti agtaryjylaryň ýörüşlerinden alnan bu pursat eýýäm birnäçe ýyl bäri Balkanabat şäheriniň bezegi bolup dur. Diňe bir bezegi bolmak bilen hem çäklenmän, eýsem bu şäheriň baş nyşany hökmünde tanalýar. “Ata kesbi ogly halal” diýleni, ussat heýkeltaraş Aleksandr Aruşanowiç Abramowyň ogly Artut Abramow hem heýkeltaraşlygy özüne kär edinip saýlaýar. Ol hem Aşgabatda zähmet çekýär. Ol bolsa türkmen şahyrlary Ata Salyh, Durdy Gylyç we beýik Magtymguly Pyragynyň skulptor - portretlerini döredýär.