Iň eýjejik gyzjagazlar bäsleşdi

Çäreler
24.03.2026
153

Iň eýjejik gyzjagazlar bäsleşdi

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta mekdepleriň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz-2026» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşan gyzjagazlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Geýen milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini goşgularyň üsti bilen wasp etdiler. Ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Merýem Durdyýewa birinji, Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mähriban Soltangulyýewa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Täze habarlar