Iň göreldeli şepagat uýasy

Çäreler
24.10.2024
43

Iň göreldeli şepagat uýasy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda “Iň göreldeli şepagat uýasy” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige gatnaşanlar, ilki bilen, özlerini çeper sözler, goşgular arkaly tanyşdyrdylar. Soňra saglyga degişli goşgulary ýatdan labyzly aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan melhemleriň taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Özleriniň alyp barýan işlerinden bir parçany sahnada janlandyrdylar.

Gyzykly geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkan welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şepagat uýasy Mähri Tuwakowa birinji, Balkan welaýat stomatologiýa merkeziniň şepagat uýasy Bahartäç Tuwakowa ikinji, Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa bölüminiň şepagat uýasy Uzukjemal Ýelhanowa bilen Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň  şepagat uýasy Ýazgül Täzegurbanowa üçünji orunlara mynasyp boldular.