Işine yhlasly burawlaýjylar

Ykdysadyýet
13.08.2026
93

Işine yhlasly burawlaýjylar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň işine yhlasly zähmetsöýer burawlaýjylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny mynasyp sowgatly garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şu ýylyň başyndan bäri 67,5 müň metrden gowrak dag jynslaryny burawlamagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi şu ýylyň geçen döwri üçin göz öňünde tutulan meýilnamadakydan 7,5 müň metr köpdür. Şeýlelikde, önümçiligiň ösüş depgini 112,5 göterim berjaý edildi. Bu işde trestiň “Goturdepe”, “Nebitdag”, “Ekerem” buraw işleri müdirlikleriniň ýerasty baýlyk gözleýjileriniň hem uly goşantlary bardyr.