Islegi köp önümler
Magtymguly etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasy ýurdumyzyň dokma senagatyndaky öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu kärhanasynda iki sany bölüm hereket edip, olar tikin we aýakgap bölümleridir. Tikin bölüminde öndürilýän önümleriň agramly bölegini tikin we trikotaž önümleri tutup, olar ýörite sargytlar esasynda taýýarlanylýan ýorgan-düşeklerden, ýassyklardan, güpbülerden, çaga eşiklerinden, ýassykdaşylardan we ýorgan daşlaryndan ybaratdyr. Şeýle-de kärhanada telekeçileriň sargytlary esasynda ýörite geýimler hem tikilýär. Aýakgap bölüminde çagalar we uly adamlar üçin köwüşler, sport aýakgaplary, şypbyklar, dürli torbalar, gapjyklar, esgerler üçin ýörite torbalar öndürilýär. 2025-nji ýylyň geçen sekiz aýynda kärhananyň gazanan ýokary üstünligi guwandyryjydyr. Ussat tikinçileriň şu ýylyň başyndan bäri öndüren önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 10 million 151 müň manat, aýakgap önümleriniňki bolsa 10 million 330 müň manada golaý boldy. Bu bolsa kärhana boýunça ösüş depgininiň 114 göterime ýetendiginiň güwäsidir.