Islegli gurluşyk serişdeleri

Ykdysadyýet
06.02.2026
20

Islegli gurluşyk serişdeleri

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenbaşy etrabyndaky «Balkan» kän müdirliginiň zähmet toparlary kärhananyň garamagyndaky känlerden magdan däl gurluşyk we diwar serişdeleriniň dürli görnüşlerini gazyp almak bilen, olary senagat taýdan özleşdirýärler. Harytlyk görnüşine getirilen gurluşyk serişdeleri ýurdumyzyň çar künjünde giň gerimlerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine dowamly ugradylyp durulýar. Müdirlikde öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberleri buýurmalar esasynda ugradylýan magdan däl gurluşyk serişdeleriniň sarp edijilere wagtynda ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny hil taýdan has-da gowulandyrmakda wajyp bolan dürli binalardyr desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna oňyn itergi berýär. Netijede, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze önümçilikleriň işi ýola goýulýar, medeni-durmuş maksatly binalar il hyzmatyna berilýär, täze iş orunlary döredilýär. Kärhanada geçen ýylda gurluşyk işlerinde hyrydarly önümler bolan çäge-çagyl garyndysy, daş owuntygy, ýuwlan çäge ýaly magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 2 million 551 müň 422 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 101 göterim amal edildi. Öndürilen serişdeleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 683 müň manada barabar boldy. Döwrebap önümçilik tehnikalaryna daýanýan kärhanada hem-de onuň «Daşarbat», «Türkmenbaşy», «Balaýşem» ýaly önümçilik meýdançalarynda ýola goýlan sazlaşykly işler şeýle üstünlikleriň gözbaşy bolup durýar.

Täze habarlar