
Itaýy
Tebigatyň täsin jandary bolan itaýy samyrlar maşgalasyndan bolup, onuň bedeniniň ýokarky bölegi maňlaýyndan tä guýrugynyň ýokarsyna çenli ak reňkdedir. Bedeniniň tutuş aşaky bölegi bolsa garamtyl-goňurdyr. Daşky görnüşi we ululygy boýunça itaýy torsuga ýa-da uly bolmadyk ite meňzeşdir. Onuň bedeniniň uzynlygy 68-75 santimetrdir, agramy 16 kilograma golaýdyr. Guýrugy 20-30 santimetr bolup, hemişe dik durýar. Kellesi uly, aýaklary gysga, eňekleri we aýaklary güýçlüdir. Öňdäki penjelerindäki uzyn we güýçli dyrnaklary ýeri gazmaga uýgunlaşandyr. Bu jandar Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň günbataryndaky pes daglyklarda, Sumbar-Çendir aralygyndaky baýyrlyklarda, Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň töweregindäki mele toprakly depelerde, Hojagala jülgesinde we Kiçi Balkan dagynyň günorta-günbatar böleginde ýaýrandyr. Itaýy iýmit gözlegine çykanda, bir gijede 15-22 kilometr töweregi aralygy geçýär. Adatça iýmit gözlegine garaňky gatlyşanda we gije çykýar. Olaryň esasy iýmiti ary baly we liçinkalar bolsa-da, ownuk gemrijileri, kirpileri, guşlary, hažžyklary, pyşdyllary, hatda zemzenleri, şeýle-de çekirtgeleri, tomzaklary hem iýýärler. Onuň ys alyş duýgusy örän ýitidir.