
Itburun
Bu gyrymsy ösümlik Köpetdagyň jülgelerinde ýabany görnüşde gabat gelse, medeni zolaklarda ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Dag jülgelerinde tokaýlyk bolup ösýär. Ol bägül güllüler maşgalasyna degişli bolup, dik ösýän baldakly, gyrymsy agaçdyr. Oňa başgaça “ýabany bägül” hem diýilýär. Sebäbi onuň gülleýän döwründe owadan gülleri bolýar, ýapragy hem bägüliň ýapragyna meňzeşdir. Itburun tikenli ösümlik bolup, onuň boýy 3-4 metre ýetýär, süýrümtil gyzylja miweleri bolýar. Itburnuň miwesi dermanlyk häsiýetine eýedir. Gadymy lukmanlardyr tebipler onuň dermanlyk häsiýetleri barada aýdyp geçipdirler. Oňa “witaminler sandygy” diýilmegi şonuň üçindir. Halk lukmançylygynda itburnuň miwelerinden taýýarlanylan şerbedi dürli kesellere garşy serişde hökmünde peýdalanylýar.