Itburun

Ýurduň çäginde
08.09.2026
58

Itburun

Itburun gülli, medeni we dermanlyk ösümlikdir. Ol maý-iýun aýlarynda gülläp, sentýabr-oktýabr aýlarynda miwe berýär. Itburun owadan gülleri bilen tebigata täsin zynat çaýýar. Onuň boýy 1,5 metr çemesi bolýar. Orta asyrlarda itburun ösümliginiň gabygy, ýapraklary, köki, miwesi dürli dertleriň melhemi hökmünde giň meşhurlyk gazanypdyr. Lukmanlar itburundan taýýarlanan içgini üç günläp yzygiderli içmegiň ötdäki hapalaryň çykmagyna, aşgazandaky, bagyrdaky gyzgynyň aýrylmagyna, içegäniň arassalanmagyna, gan basyşynyň kadaly bolmagyna oňyn täsirini ýetirýändigini aýdýarlar. Itburnuň miwesinden mürepbe hem taýýarlanylýar. Onuň mürepbesi, hususan-da, gyş paslynda sowuklama, dümew ýaly sökelliklere garşy göreşmekde esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Dünýäde itburnuň 600-den gowrak görnüşi duş gelýär. Türkmen itburny hakynda aýdylanda, ol Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň arasynda esasy orny eýelemek bilen, dag eteklerinde kän gabat gelýär. Itburun bägül güllüler maşgalasyna degişli bolup, oňa ylmy dilde «ýabany bägül» hem diýilýär.