Jebel gowagy

Syýahatçylyk
06.06.2023
208

Jebel gowagy

Balkan welaýatynyň çäklerinde irki neolit zamanyny (biziň eýýamymyzdan öňki VIII-VI asyrlary) Jebel gowagynyň orta gatlaryndan tapylan tapyndylar hemme zatdan gowy görkezýär. Jebel gowagy Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinden 3-4 kilometr gündogar tarapdaky Şahlyburun ýa-da Şakul-Burun diýen ýerde ýerleşýär. Häzirki wagtda şol gowagyň eteginde we onuň öňünde suwsuz çöl ýatyr. Gowagyň gatlaklarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, gadymy adamyň daşdan ýasalan, irki neolit zamanyna degişli zatlary hem-de keýik ýaly sähra haýwanlarynyň süňkleri bilen birlikde, birgiden balyklaryň süňki hem tapyldy. Bu balyklar süýji suwda ýaşaýan kepir we çöke ýaly balyklar eken.

Şol zamanda çakmak daşyny işläp bejermek usuly has ýokary kämillige ýetýär. Jebel gowagynda ýaşan adamlar gyralary küteldýän ýörite ýonguç bilen ýasalan, taraplary deň bolmadyk üçburçluklar görnüşindäki kiçijik gurallary giňden ulanypdyrlar. Gyrasy egri tyglar, käwagtlarda bolsa kiçiräk kesgiçler hem ulanylýar eken. Özleriniň müçesiniň örän kiçiligi bilen geň galdyrýan sürpek daş görnüşli önümler gowagyň irki neolitik gatlaklary üçin adaty zatlar bolup durýar.

Jebel gowagyndan tapylan dürli-dürli daş döwükleriniň we ýasy hek daşlarynyň arasynda uzak wagtlap ulanylmagy netijesinde ýüzi tekizlenen hem-de ýüzlenen ýasy endigan daşlar saýlanyp durýar. Şolar bilen birlikde hek daşynyň ýüzi endiganlaşan we tekizlenen süýri çagyllaryna hem duş gelindi, olaryň sürtgüç daşlar bolup hyzmat edendikleri şübhesizdir. Şol hili sürtgüç daşlar bilen ýabany ösümlikleriň iýilýän däneleri owradylan bolmaly.

Soňky döwürlerde Jebel gowagynda hiç kim hemişelik ýaşamandyr. Adamlar gowaklarda diňe käýarym düşläpdirler, onda-da düşlemek üçin arassa, sowuk suwly çeşmeleri bar bolan gowaklary saýlapdyrlar.