Jemgyýetiň ösüşinde zenanyň orny

Jemgyýet
22.09.2026
125

Jemgyýetiň ösüşinde zenanyň orny

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Balkanabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Zenan kalby» žurnalynyň ýanynda döredilen «Zenan we zehin» atly döredijilik birleşmesiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Çärede ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, türkmen zenanlarynyň jemgyýetde tutýan orny, olaryň edepli hem sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin döredilýän mümkinçilikler, ene hormaty, zenan sarpasy, gaýyn-gelin gatnaşygy, nesil terbiýesi, gyz edebi we maşgala mukaddesligi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Täze habarlar