
Jemgyýetiň ýaraşygy sagdyn maşgala
Balkan welaýat häkimliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly bäsleşik geçirildi.
Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen bäsleşigiň esasy maksady sagdyn maşgalalarda sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmakdan, olaryň arasynda sportuň, bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegini has-da giň gerime eýe etmekden ybarat bolup, onda Balkan welaýatynyň etrap-şäherlerinden gelen maşgala toparlary hereketli oýunlaryň dürli görnüşleri boýunça ýaryşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Bereket etrabyndan «Asuda» topary birinji, Gyzylarbat etrabyndan «Ynam» topary ikinji, Türkmenbaşy şäherinden «Abadan» topary üçünji orunlary eýlediler.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.