Jöwher pyçak
Halkymyzda jöwher pyçaklar asyrlaryň dowamynda sowuk ýarag hökmünde ulanylyp gelnipdir. XIX asyra degişli şeýle jöwher pyçaklaryň biri häzirki wagtda Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa bölüminde aýawly saklanylýar.
Ir döwürlerde han-begleriň bil guşagyny bezän şeýle jöwher pyçaklaryny ýasamak uly zähmeti talap edipdir. Olaryň sapy piliň süňkünden, ýagny şirmaýydan bolupdyr. Ussat demirçi ussalar demir bölegini at ýatagynda ýedi ýyllap gömüp goýupdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen arassa sap polada öwrülen şol demir bölegini ençeme zähmet siňdirip sünnäläp, jöwher pyçagyň tygyny ýasapdyrlar. Soň oňa sap oturdypdyrlar. Sapy hem dürli tebigy daşlar we altyndyr kümüş bilen bezäpdirler. Bu pyçaklara gyn gaýyşdan ýasalyp, ujuna bolsa pyçak deşmez ýaly metal galaýy berkidilipdir. Hyrydary ýetik bolan jöwher pyçaklar örän ýiti bolupdyr.