Juwaz

Medeniýet
16.04.2024
716

Juwaz

Irki döwürlerde halkymyzyň durmuşynda juwazyň tutýan orny uly bolupdyr. Ol birnäçe özara baglanyşykly agaç böleklerinden ybarat desga bolup, künjüden we beýleki ösümliklerden ýag almak üçin peýdalanylypdyr. Juwazyň däne döwýän sokusy bolup, ol jaýyň ortasynda ýerleşdirilipdir. Bu guraly her bir adama ýasamak başartmandyr. Ýörite juwaz ýasaýan ussalar bolupdyr. Juwazyň däne döwýän sokusy jaýyň ortasynda ýerleşdirilipdir. Juwazy öküz ýa-da düýe bilen aýlapdyrlar. Juwaz ýasamak üçin güjüm, garaman, tut, igde, söwüt we erik ýaly berk agaçlar ulanylypdyr. Juwazda dürli ösümliklerden ýag alynsa-da, esasan, künjüden ýag almaga niýetlenipdir. Juwaz eýesine, juwazda ýag çykarýan adama, juwazy işledýän adama juwazçy diýlipdir. Juwazda çykarylýan ýag bolsa juwazýag diýlip atlandyrylypdyr. Halk döredijiliginde hem juwaz barada aýtgylara duşmak bolýar. Hüwdüde:

“Babajan-a bir kişi,

Elinde demir çişi,

Juwaz aýlap, ýag alsa,

Bolar jahyllar başy” ýa-da

“Sary maýam çöküp otyr, iç ýagyny döküp otyr” diýen matalyň jogaby juwazdyr.

Täze habarlar