Jykyr

Medeniýet
08.07.2023
1083

Jykyr

Gadymy döwürlerde ulanylan jykyr halkymyzyň milli senetleriniň biri bolup, uzak ýyllaryň dowamynda ekerançylykda peýdalanylypdyr. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň “Jykyr” atly goşgusyndaky “Iki ýüz tylla bolsa hem bahasy arzan jykyr” diýen sözler hem şol döwürde jykyryň ekerançylykda uly ähmiýetiniň bolandygynyň subutnamasydyr. Wagtyň geçmegi bilen, ol öz ornuny has kämilleşen suw desgalaryna beripdir. Pes ýerden beýik ýere emeli usulda suw çykarmak üçin ulanylan suw enjamy bolan jykyr berk agaçlardan ýasalypdyr. Munuň özi onuň uzak ýyllar hyzmat etmegine getiripdir. Jykyrlar pes ýerde ýerleşýän derýalaryň, akabalaryň üstünde gurlupdyr. Onuň suw göterijilik beýikligi 4-5 metre çenli bolupdyr. Tegelek görnüşli çarh aýlanyp, onuň daş gyrasyna dakylan küýzeler ýa-da beýleki agaç gaplar susup alýan suwuny ýörite ýere guýupdyr. Bu suwlar bolsa ekin meýdanlaryny suwarmaga niýetlenipdir.

Jykyry işletmek üçin düýe, ýaby ýaly iş mallary hem ulanylypdyr.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde