Kädi

Ýurduň çäginde
21.05.2025
180

Kädi

 Ýurdumyzyň ähli künjeginde ekilýän kädi diňe medeni şertlerde ýetişdirilýär. Diýarymyzyň toprak-howa şertleri kädini ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatlydyr. Ýurdumyzda onuň «palaw kädi», «batat kädi», «daş kädi», «bal kädi», «süýt kädi», «suw kädi», «haýwan kädi» ýaly birnäçe görnüşleri bolup, olar  şekilleri, reňkleri, ýetişdirilýän möwsümleri boýunça tapawutlanýarlar. Kädini sürlüp, ekişe doly taýýar edilen meýdanlara topragyň ýylylyk derejesi 10-12-den ýokary bolan şertlerinde ekmeli. Eger kädi şitilleri otag, ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilip, soňundan meýdana oturdylmaly bolanda hem, ýokarda agzalan toprak şertleri oňaýly hasaplanylýar.

Kädi ekmek üçin iň oňat ýerler öňki möwsümde ýeralma, käşir, kelem, sogan we kösükli ekinler ekilen, şeýle hem köpýyllyk ýorunja ekilen ýerlerdir. Kädi ekilen meýdany dowamly ulanmak hasylsyzlyga getirýär. Şonuň üçin eger hasylly bolmagyny isleýän bolsaň, bir ýyl kädi ekilen meýdana ony diňe 4 ýyldan soň gaýtadan ekmelidir. Kädini taba gelen yzgarly ýere ekilenden soň, baldagy güle durýança suwarmak zerur däl, emma howa gaty gyzyp, toprak guraksyramasy duýulsa welin, suwarmak hökmandyr. Kädi nowçalary örän çalt ösýär. Şonuň üçin miweler peýda bolandan soň ekini her 3-4 günden bir gezek suwaryp durmaly. Bu döwürde suwy kem berilse, nowçalar guramak bilen bolýar. Kädi hasyla duransoň, köp suw talap edýär. Hasyly togarlanyşyp başlanda, olaryň üstüne göni Gün şöhlesi düşmese gowy. Kädi ulaldygyça, tebigy taýdan suwlulygy çekilip, gatylaşma ýagdaýyna geçýär. Bu döwürde suwaryşy hem kemeltmeli we her 10-12 günden bir gezek suwarmaly. Adam bedeni üçin ýokumly maddalara baý hem örän peýdaly ekinleriň biri bolan kädi sagdynlyga haýyrly nygmatlaryň biridir.

Täze habarlar