Kalplara nur çaýan baýram

Ýurduň çäginde
08.07.2023
351

Kalplara nur çaýan baýram

Asyrlar aşyp gelen, ajaýyp zamanamyzda her ýyl bellenilmegi däbe öwrülen mukaddes Gurban baýramy Balkan welaýatynda hem uly dabaralar bilen bellenip geçildi. Gurban baýramynyň birinji gününiň ir säherinde metjitlerde baýram namazy okaldy. Soňra bu mukaddes toýuň dabaralary hemme ýeri gurşap aldy. Adamlarda birek-birege bolan sylagy artdyrýan, ruhy-ahlak, beden tämizligini ündeýän, maşgala agzalaryny, dost-ýarlary bir saçagyň başynda jebisleşdirýän baýramçylyk günlerinde toý lybasyny geýen adamlar ir säherden mähirli salamlaşyp, biri-birlerini Gurban baýramy bilen gutladylar, döwletli ojaklarynda sadaka berdiler. Baýramçylyk günlerinde okalan aýat-töwirlerde eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy dileg edildi.

Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda guralan baýramçylyk çäresi ýakymly pursatlara baý boldy. Bu ýerde dikilen ak öýlerde saçaklar giňden ýazylyp, adamlara toý tagamlaryndan hödür-kerem edildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, tanslar, halk döredijiliginden çykyşlar baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Bezelen hiňňildiklerde uçýan bagtyýar ýaşlar, milli oýunlary oýnaýan körpeler, surat çekýän talyplar dabaranyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Gurban baýramynyň dabaralary welaýatyň ähli etrap-şäherlerinde hem belent joşgunda, ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi.