Kalplary buýsanja beslän baýram
Balkan welaýatynyň ähli etrap-şäherlerinde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024 - 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde guralan baýramçylyk dabarasy hem baý many-mazmuny özünde jemledi.
Baýramçylyk keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlendi. Netijede, giň gerime eýe bolan oýlanyşykly özgertmeleriň barşynda jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlandyryldy, ruhy we beden taýdan sagdyn, döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp-ýetişdirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy.
Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän 1-nji synpyň okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan “Bilimli” atly noutbuk kompýuterleriniň şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim-terbiýesi üçin zerur bolan ähli tagallalaryň edilýändigini ýene bir ýola tassyklady.
Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra, ilkinji jaň kakylyp, okuwçylar ak mekdebiň ýagty otaglaryna doldular. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’ diýen at bilen geçirilen ilkinji okuw sapagy beýik akyldarymyzyň edebi mirasyna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarymyza bolan egsilmez söýgi-buýsanjyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.