“Kämilligiň gözbaşynda” işler öňe ilerleýär
Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda bitirilýän işler diňe öwgä mynasypdyr. Gara mallary idetmäge, olaryň baş sanyny artdyrmaga ýöriteleşdirilen bu maldarçylyk toplumynda et ugurly tohum mallaryň baş sanyny köpeltmekde we olardan alynýan azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmakda guwandyryjy netijelere eýe bolunýar. Bu ýerde idedilýän gara mallaryň baş sany 450-ä golaýlaýar. Şolaryň 90-a golaýy sagylýan sygyrlar bolup, olardan her günde bir tonnadan gowrak süýt alynýar. Alynýan süýdi täzeligi bilen gaýtadan işleýjilere hem-de sarp edijilere ýetirmek işleri hem üstünlikli ýola goýuldy.
“Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetiniň sygyr etini öndürmeklige niýetlenen, kämil enjamlar bilen awtomatlaşdyrylan toplumy geljek ýyllarda doly güýjünde işläp başlanda, gara mallaryň birbada 3000 sanysyny bakyda saklamaga we her ýylda 500 tonna sygyr etini öndürmäge mümkinçilik berer. Eýýäm şu ýylyň geçen alty aýynda sygyrlardan alnan ýaş göleleriň baş sanynyň ýetmişe golaýlandygyny nazara alsak, onda bu ýerde gara mallaryň sanynyň geljek ýyllarda has hem artjakdygyna göz ýetirýärsiň.
Maldarçylyk toplumyna Garagum derýasynyň boýundaky ýerlerden 500 gektar meýdanyň bölünip berilmegi mallara ideg etmek üçin çykdajylaryň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga oňyn täsirini ýetirýär. Agrotehniki talaplara laýyklykda, 100 gektar ýerde ösdürilip ýetişdirilen ýorunjanyň we 200 gektar mekgejöweniň gündelik ýyglyp, terligi bilen mallara berilmegi alynýan süýdüň möçberini artdyrmaga we mallaryň semizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.