
Kärhanada işler barha ilerleýär
Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasynyň hünärmenleri hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny guwandyryjy iş netijelerine beslemekde tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. 2025-nji ýylyň geçen döwründe kärhana boýunça öndürilen tikin hem-de aýakgap önümleriniň umumy möçberiniň 6 million 948 müň manatlyga barabar bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýylyň geçen döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberi göz öňünde tutulandakydan 895 müň manatlykdan gowrak köpdür. Şeýlelikde, bu döwür üçin öňde goýlan iş meýilnamasyna 115 göterim hötde gelindi. Öndürilen önümleri sarp edijilere ýetirmekde bolsa 114 göterim ösüş depginine eýe bolundy. Gazanylýan bu zähmet üstünlikleri kärhanada öndürilýän tikin hem-de aýakgap önümlerine sarp edijileriň arasynda islegiň barha artýandygynyň güwäsidir.