Kebelekler
Ýer ýüzünde kebelekleriň müňlerçe görnüşi bardyr. Biziň ýurdumyzda hem kebelekleriň ýüzlerçe görnüşi duş gelip, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine kebelekleriň 11 görnüşi girizilendir. Olaryň ençeme görnüşine Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelmek bolýar.
Biziň ýurdumyzda duş gelýän kebelekleriň biri-de perwanadyr. Onuň ululygy, takmynan, siňek ýalydyr. Gijelerine daşarda ot ýakyp, çaý gaýnadýan ýa-da nahar bişirýän adamlar perwana köp duş gelýärler. Ol ýakylýan oduň ýagtysyna gelip, onuň daşyndan aýlanyp başlaýar. Şeýlelikde, oduň daşyndan aýlanyp ýörşüne, oňa has ýakynlaşýar hem-de oduň ýalnyna ýanyp köýýär. Adamlaryň käbirleri bu jandarlara rehimleri gelip, olary elleri bilen otdan daşrak kowjak bolýarlar. Emma şonda-da olar oduň ýalnyna özlerini urýarlar.
Kebelekleriň ähli görnüşleri özlerinden uly bolan janly-jandarlara, ylaýta-da, guşlaryň dürli görnüşlerine iýmit bolup durýarlar.