Keçeler — öý-ojaklaryň bezegi
Türkmen keçesini taýýarlamak irginsiz zähmeti, yhlasy talap edýär. Munuň üçin, ilki bilen, goýnuň ýaz we güýz ýüňlerini almaly. Ýaz ýüňüni gowy edip ýuwmaly, güýz ýüňi ýuwulmaýar. Ýüňlerini darap, saýyp, dürli reňkler bilen boýamaly. Boýap bolanyňdan soňra, gowy ýuwup, guratmaly. Guran reňkli ýüňleri garmaly hem-de darap, pişgelemeli. Keçäniň ortasyna ýüzlenjek ýüň güýz ýüňi bolmaly, gyrasyna aýlanjak ýüňi şar gara ýüňden taýýarlamaly. Soň dürli boýagdaky pişgelerden çyzmak üçin inçe çekim taýýarlamaly. Çekimiň içine salmak üçinem ýogyn çekim taýynlamaly. Ölçege görä gamşy alyp, sähetli güni ýere ýazmaly. Gamşyň ortasyna garyş ölçegi bilen nagyş çyzylýar. Keçä «tüýnük», «üzülmez», «kowalama» «saryçýan», «tazyguýruk» ýaly nagyşlar salynýar. Nagyşlaryň üstüne ortalyk ýüň ýüzlenip bolnandan soň, üstüne agyrrak zat ýapyp, ýarym gün ýaly basyryp goýmaly. Baslygansoň açyp, ikinji ýüzüni çyzmaly we salmaly. Salnyp bolnan keçäni gowy edip düýrlemeli hem-de nagyşlary oýnamaz ýaly çekdirip daňmaly. Onsoň keçeli gamşy daşary çykaryp dikläp goýup, üstünden suw guýmaly. Suwly keçäni ýere goýup we iki ýerine ýüp salyp, azyndan iki sagat çekmeli. Çekilip bolnan keçäniň gamşyny açyp, düýrläp almaly we taýynlanan gamşyň üstüne goýup basmaly. Keçe azyndan iki-üç sagat basylýar. Keçe gatap başlanda, basymy ýetdi hasaplanylýar. Keçe serlip guradylýar we gurandan soň töre düşäp, üstüne depeledilýär. Depelenen keçe gowşamak bilen bolýar. Gowşan keçäni ýene gyzgyn suw guýup basýarlar we bu sapar basymy ýetenden soň ol has gataýar. Keçäni iki-üç sapar bişirseň has berk, düýdümli, owadan bolýar.