Kejebä dakylýan bezegler

Taryh
14.09.2026
71

Kejebä dakylýan bezegler

Irki döwürlerde gelnalyjyny — gelinli kejebäni bezemek işlerine aýratyn ähmiýet berlipdir. Kejebä sünnälenip dokalan haly, deri önümleri dakylypdyr. Düýe tutuşlygyna diýen ýaly dürli reňkli esbaplar bilen bezelipdir. Haly önümleri kejebä aýratyn gözellik beripdir. Şolaryň biri-de düýebaşlykdyr. Düýäniň kellesine geýdirilýän kiçi halyça düýebaşlyk diýilýär. Düýäniň dyzyna dakylýan  düýedyzlyk hem onuň ön aýagynyň dyzlaryny bezeýär. Ol içine zat salmak üçin torba görnüşinde dörtburç edilip hem dokalypdyr. Şeýle-de düýäniň howudynyň iki ýan gapdalyndan asylýan, aşagy seçekli haly bolan düýehalyk hem kejebe bezegleriniň biridir.

Täze habarlar