Kejebe
Halkymyz irki döwürlerden bäri gelin toýlaryny has-da dabaraly belläp geçýärler. Şol toýlaryň aýratynlyklarynyň biri-de kejebedir. Halk aýdymyndaky “Kejebäňi çekmäge ak maýa gerek” diýen sözler türkmen toýlarynda kejebäniň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Gelin alnanda, gelni atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly bezelip gurnalan ýörite enjama kejebe diýilýär. Gelin düýäniň üstünde gurnalan kejebä mündürilip alnyp gaýdylypdyr. Bu enjam taýýarlananda, ussatlygy talap edipdir. Agaç ussalary berk agaçdan üsti gümmezli, içine gelin bilen eltisi ýerleşer ýaly iki adamlyk edip kejebeleri ýasapdyrlar. Içine haly düşelip, onuň daşy kejebelikler, dürli haly önümleri bilen bezelipdir. Kejebäniň girelgesine tutulýan tuta ýele diýlipdir. Muny halk döredijiligindäki:
“Kejebäniň ýelesin ýel göterer, ýar-ýar,
Meň joramyň näzini kim göterer, ýar-ýar”
diýen sözler subut edýär.