Kejebe

Taryh
29.08.2026
72

Kejebe

Türkmen halky ir döwürlerden bäri ogul öýerip, gelin almagy uly dabara, şatlyk-şowhuna besläpdir. Şeýle toýuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de kejebe bolupdyr. Kejebe gelin alnanda, gelni atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly ýörite bezelip gurnalan çadyrdyr. Ol ökde agaç ussalary tarapyndan taýýarlanylypdyr. Kejebäniň üsti berk agaçdan gümmezli, içine hem gelin bilen ýigidiň ýeňňesi ýerleşer ýaly iki adamlyk edilip ýasalypdyr. Onuň içine haly düşelip, daşy hem dürli haly önümleri hem-de kejebelikler bilen bezelipdir. Häzirki wagtda hem gelnalyjynyň ulagyny bezemek toýuň esasy däpleriniň biridir. Ony zerewşan matalardyr milli şaý-sepler bilen kemsiz bezeýärler. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan «Kejebe» sözi häzirki wagtda hem halkyň arasynda ýörgünlidir. Gelin toýlarda «Kejebä gatnaşmak», «Gelniň kejebesi geldi» diýen ýaly jümleler häli-şindi aýdylýar. Bu bolsa halkyň aňyna, ruhuna siňen zatlaryň hiç haçan unudylmaýandygynyň güwäsidir.