Keteni

Medeniýet
06.06.2023
532

Keteni

Gadymy döwürlerden bäri ýörgünli mata hasaplanylýan keteni biziň wagtda-da öz gadyr-gymmatyny ýitirenok. Keteniden erkek kişileriň we zenanlaryň egin-eşikleri taýýarlanylýar. Ir döwürlerde keteni iki görnüşde, ýagny gyrmyzy we ýaşyl reňkde elde dokalypdyr. Häzirki döwürde hem keteni dokamak gyz-gelinleriň esasy el hünärleriniň biri bolmagynda galýar.

Keteniniň esasy çig maly hökmünde berk ýüpek süýümler ulanylýar. Erişleriň ýumşak bolmagy üçin, olary ilki köpürjikleýän sabynly suwda gaýnadýarlar. Soňra sapaklaryň her birini aýratynlykda boýaýarlar. Irki döwürlerde ene-mamalarymyz tebigy boýaglary peýdalanyp, olary ösümliklerden taýýarlapdyrlar. Bu olaryň durkunyň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edipdir. Gyrmyzy ketenini taýýarlamak üçin çöpboýa, gögümtil, goňrumtyl we açyk sary reňkli keteni üçin naryň, soganyň we hozuň gabygyndan, güýz ýapraklaryndan, gara we gök çaýyň owuntyklaryndan garylyp taýýarlanan boýaglar ulanylypdyr. Reňkleriniň solmazlygy üçin boýaga zäk goşulypdyr. Durmuşa çykýan gyzlaryň elbukjasynda 2-3 sany gyrmyzy reňkli keteni bolupdyr.