Keteni

Medeniýet
13.11.2025
25

Keteni

Keteni dokamagyň taryhy ençeme asyry öz içine alýar. Gadymy döwürlerden bäri ýörgünli mata hasaplanylýan keteni biziň günlerimizde-de öz gadyr-gymmatyny saklap gelýär. Ýurdumyzyň öý şertlerinde elde dokalýan keteniniň mekany hasaplanylmagy hakykatyň dabaralanmasydyr. Gadymy döwürlerden bäri keteniden erkek kişileriň we zenanlaryň egin-eşiklerini taýýarlapdyrlar. Ir döwürlerde keteni iki görnüşde, ýagny gyrmyzy we ýaşyl reňkde dokalypdyr. Olardan toý eşikleri taýýarlanypdyr. Durmuşa çykýan gyzlaryň elbukjasynda 2-3 sany gyrmyzy reňkli keteniniň bolmagy şu güne çenli milli däp hökmünde dowam edip gelýär. Häzirki döwürde hem keteni dokamak gyz-gelinleriň esasy el işleriniň, el hünärleriniň biri bolmagynda galýar. Keteniniň esasy çig maly hökmünde pil süňküniň reňkindäki berk ýüpek süýümler saýlanyp alynýar we olaryň uzynlygy birnäçe metre barabar bolýar. Süýümleriň her biri-de alty gat inçejik sapaga bölünýär. Erişleriň ýumşak bolmagy üçin, ony ilkibada, köpürjikleýän sabynly suwda gaýnadýarlar. Soňra sapaklaryň her birini aýratynlykda boýaýarlar hem-de naýçalara saraýarlar. Gyrmyzy ketenini taýýarlamak üçin çöpboýa ulanylýar. Onuň gögümtil reňkini almak üçin bolsa, nilboýa peýdalanylýar. Goňrumtyl we açyk sary reňkli keteniniň sapaklary naryň we hozuň gabygyndan, güýz ýapraklaryndan, soganyň gabygyndan, gara we gök çaýyň owuntyklaryndan garylyp ýasalan boýaglarda uzak wagtlap durkuny saklaýar. Keteniniň sapaklarynyň berkligi, reňkleriniň solmazlygy üçin boýaga zäk goşulýar, matany agartmak üçin bolsa, daşkömrüň küli peýdalanylýar.

Täze habarlar