Keýikler — daglaryň, çölleriň bezegi
Türkmen tebigatynyň haýwanat dünýäsiniň täsin jandarlarynyň biri-de keýiklerdir. Olar noýabr aýynda jübütleşip, aprel-maý aýlarynda owlaklaýarlar. Ýaş keýikler, ilki, ýalky, soňabaka ekiz owlak guzlaýarlar. Suwa mätäçlik çekýärler, emma ýaz, tomus döwründe ter otlar, iýmler bolanda, wagtlaýyn suwsuz hem oňup bilýärler. Dürli ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Keýikleriň agramy 20-30 kilograma ýetýär. Arkasynyň we gapdallarynyň çägä meňzeş reňki bardyr. Garamtyl gysga guýrugy agymtyl reňkli ardynyň üstünde mese-mälim bolup dur. Tekeleriniň 35-40 santimetr ululykda gara şahy bolýar. Ene keýikler, adatça, şahsyz bolup, käbirlerinde 5 santimetre ýetýän keltejik şahlary bar. Keýikleriň owlaklary tiz eldeki bolup, olaryň birnäçesi haýwanat baglarynda saklanylýar. Çola ýerlerde keýikleri ýarym eldeki şertlerde arkaýyn köpeldip bolýar. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň döredileni bäri, onuň merkezi bölüminde keýikler saklanylýar, köpeldilýär. Bu ýerde olary saklamak we köpeltmek üçin amatly şertler döredilip, bu ugurda ylmy işler alnyp barylýar.