Kiçi sakargaz
Türkmen tebigaty özboluşly, täsin guşlara baýdyr. Olar dürli görnüşlidirler. Ýurdumyzyň howasy ýyly bolansoň, bu ýerde gyşlaýan hem-de gonup-göçüp gidýän guşlar hem az däl. Kiçi sakargaz ördekler maşgalasyna degişlidir. Bu guşlar uly köllerde, suw howdanlarynda we beýleki suw aýtymlarynda ýaşaýarlar. Kiçi sakargaz owadan guşlaryň biri bolup, onuň ganatlarynyň üsti ugurdaş ýerleşen ak çyzmyklar bilen örtülendir. Kellesiniň öň ýüzünden we gözüniň ýokarsyndan ak zolaklar geçýär. Çüňküniň düýbündäki ak zolak maňlaýyndaky tegmile goşulýar. Bu guşuň depesi has gararakdyr. Aýaklarynyň reňki bolsa açyk mämişidir. Daşky keşbi boýunça ol uly sakargaza çalymdaşdyr. Kiçi sakargazyň agramy 2,0 – 2,5 kilograma ýetýär. Sakargazyň bu görnüşi suwýaka ösümlikleri we güýzlük däne ekinleri bilen iýmitlenýär. Kiçi sakargaza Hazardan Amyderýa çenli suw aýtymlarynda duş gelmek bolýar. Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn we ýaşaýan ýaýrawy çäkli görnüş bolany üçin, kiçi sakargaz Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.