Kilim

Medeniýet
13.09.2023
223

Kilim

Kilim haly ýaly ýüwürdilip, öýdelip dokalýan düşekdir. Ol goýnuň ýüňünden we geçiniň çöpürinden dokalýar. Ol kakylyp dokalýar. Ilki bilen onuň topragy kakylýar. Soňra alajalar dokalýar. Tekiz, nagyşsyz dokalan palas önümlerine kakylyp dokalýan kilim diýilýär. Wagtyň geçmegi bilen olara nagyşlar salnypdyr. Kilimler örän syk dokalýar. Olar owadanlygydyr berkligi bilen tapawutlanýarlar. Kakma usulynda dokalan çuwallar, torbalar egin-eşik, gap-gaçlary hem-de azyk harytlaryny, dänäni, uny, kakadylan miweleri saklamak üçin niýetlenipdir.

Kilim önümleriniň birnäçe görnüşi bar. Sallançak kilim, adyndan belli bolşy ýaly, ýörite nagyşlanyp dokalýan kilim bolup, çaga sallançaklary üçin niýetlenipdir. Ak öýleriň esbaplarynyň arasynda kilim önümlerine aýratyn orun degişlidir. «Eňsi», «gapylyk», «ojakbaşy düşek», «çemçetorba», «duztorba», «golaň», «akýüp», «gyzyldüzi», «aladüzi», «gönjükýüp», «artmak» ýaly kilim önümleri muňa mysal bolup biler. Ak öýüň gapysyna kilim önüminiň tuty görnüşinde asylmagy onuň berkligi bilen baglydyr. Ol sowukdan we yssydan gorapdyr.