
Kirpi
Kirpi Ýewropada, Aziýada we Afrikada duş gelýän ownuk süýdemdirijileriň biri bolup, onuň 17 görnüşi bar. Görşi pes, emma güýçli ys alyş we eşidiş duýgusyna eýe bolan kirpiler gündizine 18 sagada çenli uklap, gijesine awa çykýarlar. Olar miwedir gök önümlerden başlap, mör-möjekdir ownuk jandarlara çenli iýip bilýärler. Hatda kirpiniň käbir görnüşi gurbaga, hažžyk we ýylan hem iýip bilýär. Kirpilerde 5 müň töweregi oňurga süňki bar. Şol sebäpli bu jandarlar aňsatlyk bilen pökgi ýaly düýrlenip bilýärler. Kirpiniň arkasynda ortaça 5-7 müň aralygynda tikeni bolýar. Onuň alabeder tikenleri ýiti agyryly bolup, käte zäherli hem bolup bilýär. Kirpiler sowuk howada agaçlaryň köwegine, tokaýlardaky ot-çöpleriň aşagyna sümüp, gyş ukusyna gidýärler. Kirpiler boýunyň 14-30 santimetrdigine garamazdan, agaja çykyp bilýärler. Bu kiçijik süýdemdirijiler ýüzüp hem bilýärler. Bu jandarlar köpelmek üçin 50 santimetr çuňlukda çukur gazyp, içine guran ýaprak we çöp-çalam goýýarlar. Kiçijik kirpi 4-7 hepdeden soň özbaşdak ýaşap başlaýar. Kirpiler ýekeligi halaýan jandar hasaplanýar. Şol sebäpli bular köplenç ýeke gezýärler. Olar diňe ýylyň belli bir döwründe topar bolup ýaşaýarlar. Daşy tikenli bu jandarlar ýabany tebigatda 3-8 ýyl aralygynda ýaşaýarlar. Kirpiniň agramy 1,5 kilograma çenli bolup, her gün 3 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Kirpiler agzy bilen tüýkülik pürküp, bedeniniň üstüne sepýärler. Şeýlelik bilen bu jandarlar bedenindäki erbet ysy we ýokançlyklary aýyrýarlar. Kirpiler Demirgazyk we Günorta Amerikada, Awstraliýada hem-de Antarktidada ýabany tebigatda duş gelmeýär. Bu sebitlerde kirpiler öý şertlerinde eldekileşdirilen görnüşde ýaşaýarlar.