Kitap aýdar geçeni, kitap — ertäň açary

Ýurduň çäginde
17.01.2025
50

Kitap aýdar geçeni, kitap — ertäň açary

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşi etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap medeniýet merkeziniň mejlisler jaýynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Kitap aýdar geçeni, kitap — ertäň açary» ady bilen aýdym-sazly dabaraly çäre geçirdi. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadygymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň halkymyzyň buýsanjyny artdyrandygyny, ajaýyp eserde şöhratly taryhymyzyň beýanyny tapýandygyny, baý many-mazmunly eseriň halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigini uly buýsanç bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.