Kömelek

Ýurduň çäginde
14.05.2025
146

Kömelek

Ýaz paslynda ýerden güberilip çykýan kömelekler irki döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekýär. «Kömelek nädip gögerýär? Kömelegi iýmelimi ýa-da iýmeli dälmi?» diýen sowallar uzak ýyllaryň dowamynda adamlary pikirlendirip gelipdir. Kömelegiň dünýäde 14 müň görnüşi bolup, 2 müňden gowragy iýmäge ýaramly hasaplanýar.

Kömelegiň ýokarky güberçegine «telpek», ýere girýän uzyn bölegine bolsa «göbek» diýlip at berilýär. Kömelegiň gögermegi üçin ýagtylyk zerur däl. Telpekli iýmitiň ýerden çykmagy üçin garaňkylyk, çyglylyk we biraz gyzgynlyk gerek. Ol, esasan hem, adam aýagy kän basmadyk, ösümlik çüýrüntgileri köp bolan meýdanda peýda bolýar. Kömelegiň telpejiginiň aşagynda köpeliş sporalary bar. Bu sporalar çüýräp topraga garylyp, geljek ýyl ýaz paslynyň gelmegi bilen ýene-de täzeden gögerýär. Düzüminde D witamini bolan kömelekler garaňkyda ýalpyldaýarlar. Ýazda ýagyşyň köp ýagýandygy hem-de Ýere ýyly girýändigi sebäpli, bahar paslynda kömelege köp duş gelinýär. Tomus paslynda howanyň guraklygy sebäpli kömelek gögermeýär. Güýz paslynyň ýagynly günlerinde hem kömelek gögerýär, emma çyglylygyň pesdigi sebäpli, derrew çüýremek bilen bolýar. Tebigatda bitýän kömelekleriň arasynda zäherliler hem bar. Şol sebäpli kömelek çöplenende ýa-da iýlende seresaply bolmagy ýatdan çykarmaly däldir.

Täze habarlar