Köp çagaly enelere belent sarpa goýulýar

Jemgyýet
08.03.2023
200

Köp çagaly enelere belent sarpa goýulýar

Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlara görelde bolýan mähriban eneleriň sarpasy belent tutulyp, olar durmuş taýdan ygtybarly goralýar. Perzentlerini asyrma-asyr dowam edip gelýän maşgala gymmatlyklarymyz, halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýeläp ýetişdirýän enelerimiz baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Sebäbi olar diňe bir maşgalanyň däl, eýsem, jemgyýetimiziň hem daýanjy bolup durýarlar. Mährem enelerimiz watansöýüji, gaýratly, merdana ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirýändikleri üçin-de belent söýgä, hormata eýedirler.

Berkarar döwletimizde bagtdan paýly enelere, gelin-gyzlara hormatyň uludyr. Ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Balkan welaýatynda hem her ýylda bu belent ada eneleriň ençemesi mynasyp bolýarlar. Olara döwlet tarapyndan ähli ýeňillikler berilýär. Perzentlerini belent adamkärçilikli, Watana wepaly nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin ähli amatly şertler, mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýyl hem Balkan welaýatynda sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren hem-de terbiýelän zenanlar Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýeleri boldular. Munuň özi kalby nurly mährem eneleriň şatlygyny has-da artdyrdy.