
Körpejäniň «mawy ýangyjy»
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi gazy çykarmak, taýýarlamak we sarp etmek işini amala aşyrýar. Müdirliginiň düzüminde önümçilik sehleriniň we ülüşleriň birnäçesi bar. Bu ýerde gaz çykaryş sehiniň esasy alyp barýan işi gazly guýulardan «mawy ýangyjy» bökdençsiz çykaryp, ony gaz taýýarlaýjy desgalara ýitgisiz eltmekden ybaratdyr. Sehde gazly guýularyň işleýşine yzygiderli gözegçilik edilip, wagtly-wagtynda degişli guramaçylyk-tehniki çäreler geçirilip durulýar. Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler amala aşyrylýar.
Yhlasly zähmet netijesini berýär. Müdirlik boýunça ýylyň başyndan bäri 2 milliard 33 million 657 müň 643 kubmetr «mawy ýangyç» çykaryldy. Işiň häzirki depgini işine ezber gazçylaryň ýyly üstünlikli jemlejekdigine şaýatlyk edýär.