Küleçe

Ýurduň çäginde
15.06.2026
93

Küleçe

Türkmen halkynyň milli zenan lybaslary tikilişi, bezeg salnyşy babatda tapawutlanýar. Çabyt, kürte, çyrpy, keteni köýnek we beýlekiler zenanlaryň mähir-yhlasy bilen tikilen lybaslardyr. Şolaryň biri-de küleçedir. Daşyna begres, mahmal we ş.m. daşlyk çekilen gysga zenan lybasyna küleçe  ýa-da küleçe dony diýilýär. Oňa nagyşlar we bezegler edilýär. Küleçe tikilende, mahmal, begres, keteni, atlas ýaly matalar ulanyp, olaryň uzyn, gysga giň etekli görnüşleri bolýar. Küleçä çit we nah matalardan içlik edilýär. Ýakasyna, eteklerine, gyralaryna gyzyl matadan zolak tutulýar. Jübüsiniň daşy durşuna pugtama nagyşlar bilen nagyşlanýar. Şeýle-de alajalar bilen bezelýär. Donuň  ýartmajyna, ýagny eteginiň iki gapdalyndaky dilik ýerleriniň ýokarsyna gyrmyzy matadan doga şekilli edilýär.