Medeniýet
04.11.2024
39
Künji we künji ýagy
Künji ösümligi ýokary hasyl berýändigi bilen tapawutlanýar. Gür ýaprakly, ownuk däneli birýyllyk ösümlik bolan künji gadymy ekinleriň biri bolmak bilen, ondan ýag alynýar. Ol boz we ýeňil toprakly ýerlerde ösmegi halaýar. Künjiniň bişip ýetişýänçä ýapragynyň öz-özünden düşmegi önümiň tebigy arassalygyny üpjün edýär.
Künji ýagynyň adam saglygy üçin peýdalydygy irki döwürlerden bäri mälimdir. Ol halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Künjiniň dänesiniň 50-60 göterimi ýagdan ybarat bolup durýar. Berk agaçlardan ýasalýan juwaz künjüden ýag almaga niýetlenendir. Künji däneleriniň ýagy alnandan soň galan galynda künjara diýilýär.
Täze habarlar
Syýahatçylyk
Syýahatçylyk
Taryh
Medeniýet