Kürtekçe we kirlik
Ene-mamalarymyz çaga kyrk çileden çykandan tä 3-4 ýaşyna çenli oňa kürtekçe, kirlik geýdiripdirler. Olar gyzjagazlar we oglanjyklar üçin birmeňzeş bolup, ak reňkli, gülli matalardan, käbiri ýeňli we tegelek ýakaly, käsi bolsa göni biçüwli, arasyny ýukajyk pagtalap tikipdirler. Kürtekçe dürli görnüşli mata böleklerinden gurnalyp, içliklenip tikilýär we giňräk bolar ýaly, iki gapdalyna sanjak urulýar, iki egnine bolsa üçburç gulajyklar berkidilýär. Kürtekçäniň ýakasy sag eginden ezýaka görnüşde açylýar. Onuň gulajyklary, ýakasynyň töweregi elde keşdelenýär. Ene-mamalarymyz ony maýdaja şaý-sepler, kümüş teňňejikler, şelpejikler bilen bezäpdirler Şaý-sepleriň oglan ýa gyzjagazlar üçin tapawudy bolmandyr. Kürtekçäniň egnine goýlan doga şekilli gulajyklarynyň ujuna düwmejikleri dakypdyrlar. Çaga kirlikleri-de dürli görnüşli mata böleklerinden tikilip, iki egnine dogajyk görnüşinde gulajyk edilipdir. Egniniň üstünden boýunýaka oýulyp, ýakasyna jähek çekilip, gyralaryna seçek tutulypdyr. Esasy bezegi «toýnak», «sekizkeşde», «guşgözi», «ömür daragty», «gülýaýdy» ýaly keşde nagyşlary bolansoň, oňa köp şaý-sep dakylmandyr. Kirlik çaga köýneginiň ýa-da kürtekçäniň üstünden öňlük hökmünde geýdirilipdir.