Küştdepdiniň ussady

Medeniýet
27.08.2023
366

Küştdepdiniň ussady

Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň «Akjaýar» folklor toparynyň agzasy, il içinde Sary daýza ady bilen tanalýan Ogulbäbek Halmämmedowa ýaşynyň dokuzynjy onluga gadam basandygyna garamazdan, sahnada ýeňil gopup, küşt depip, gazal aýtmakda ýaşlara uly görelde görkezýär.

1982-nji ýyldan bäri sahnada çykyş edip gelýän Ogulbäbek daýza üstümizdäki ýylyň 1-nji maýynda 80 ýaşyny doldurdy. Ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy däp-dessurlarymyzy döredijilik eserleriniň üsti bilen halkymyza ýetirmegi özüne borç hasaplaýan sungat ussady «Awaza - 2023» halkara tans we folklor festiwalynda hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan sungat wekillerini öz ussatlygy bilen haýrana goýdy.

Ol ýurdumyzda, şol sanda gojaman Hazaryň kenarynda guralýan dostluk festiwallarynyň ählisine diýen ýaly gatnaşyp gelýär. Ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet hepdeliklerine-de yzygiderli gatnaşýar. Dürli ýyllarda Russiýada, Hytaýda, Özbegistanda, Täjigistanda geçirilen Medeniýet hepdeliklerine gatnaşyp, özge ýurtlarda milli medeniýetimizi, sungatymyzy wagyz etdi.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Çekişler obasynda doglan Ogulbäbek Halmämmedowa 2017-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

On perzendiň - alty ogluň, dört gyzyň käbesi, ýigrimi üç agtygyň enesi hem mamasy, on üç çowlugyň garry enesi bolup oturan mährem ene:

— Halk döredijiliginiň haýsy görnüşini alsaň-da, olaryň gelin-gyzlar, ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýeti uly. Olaryň üsti bilen ýaşlaryň edepli-ekramly bolmagy ündelýär — diýip gürrüň berýär.

Täze habarlar