Kuwwatly toplumdaky işler
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleri oba hojalyk pudagynda möhüm orny eýeleýän mineral dökünlerini öndürmekde gujurly zähmet çekýärler. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen bu döwrebap kärhanada ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhananyň önümlerine Russiýa, Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Türkiýe, Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Owganistan ýaly döwletler uly isleg bildirýärler.
Himiýa senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýan, 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary we beýleki önümçilik zerurlyklaryny özünde jemleýän kuwwatly toplumda şu ýylyň birinji ýarymynda 556 müň 500 tonna barabar karbamid döküni öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Ýokary hil derejesine laýyk öndürilen bu önümiň agramly böleginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan uly isleg bilen satyn alynandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.