Küýze görnüşleri

Medeniýet
10.01.2024
144

Küýze görnüşleri

Küýzeler irki döwürlerde suw daşamak, ýag, çal, süýt saklamak we beýleki maksatlar üçin peýdalanylypdyr. Hojalykda onuň ähmiýeti ýokary bolupdyr. Hut şonuň üçinem irki asyrlarda küýzegärçilik ösüpdir. Biziň günlerimize gelip ýeten küýzeleriň birnäçe görnüşleri bardyr.

Jürdek - suw saklamak üçin ulanylýan ýaýbaň billi, inçejik bokurdakly, bir gulply, syrçasyz gap. Ony, köplenç, uzak ýere gidilende peýdalanypdyrlar.

Gorküýze - düýe çaly tutulýan aram ululykdaky içi syrçaly küýze. Ol esasan, düýedarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarda ulanylýar. Gorküýze düýe süýdüni uýadyp, ondan çal, agaran almak üçin we içinde saryýag, gowurma, toşap hem-de däneli ekinleriň dürli görnüşlerini saklamak üçin örän amatly bolupdyr.

Ýag küýzesi - ýag saklamak üçin ulanylýanlygy sebäpli, onuň içi we daşy syrçalanyp ýasalypdyr.

Hum küýze - içiniň ýaýrawy beýleki küýzelerden has giň bolup, esasan, däneli ekinleriň dürli görnüşleri we suw saklanypdyr. Ony ussalar syrçaly we syrçasyz görnüşinde uly edip ýasapdyrlar.

Jykyr golça - küýzäniň bu görnüşi jykyryň suwuny kärizden ýokary çykarýar. Ol ortaça göwrümdäki toýundan ýasalan küýzedir.

Digir - bu gap üç-dört litr suwy saklamak üçin ulanylypdyr.

Güpi - içi syrçaly bu küýze ýanlyk ýaýmak üçin ýörite soky görnüşinde ýasalýar.

Golça - içi syrçalanan gap. Onda, esasan, azyk önümleri saklanylýar. Ol dürli görnüşlerde ýasalypdyr.