
Magtym Mäzem kümmeti
«Magtym Mäzem» diýlip atlandyrylýan kümmet Sumbar derýasynyň ajaýyp jülgesinde, Magtymguly etrabynyň Magtymgala obasynyň golaýynda ýerleşýär. Magtym (Magsym), «hojaýyn» diýmekligi aňladyp, «mäzem» goşundysy «beýik» diýen manyny berýär. Taryhçy-etnograf S.M.Demidowyň ýazmagyna görä, bu şahsyýet nesil şejere ýazgylarynyň käbirinde Mahzum Agzam ýa-da Ymam Agzam diýlip hem bellenilipdir. Şeýle at sopuçylykda ýokary dini derejelere ýeten wekillere berlipdir. Alymyň şejere ýazgylary we oňa degişli rowaýatlar esasynda geçiren derňewleri bu adamyň Magsy Agzam Jürjany lakamynyň hem bolandygyny belli edipdir. Jürjan şäheri orta asyrlarda günorta-gündogar Hazar ýakalarynda esasy uly syýasy-ykdysady ähmiýetli şäher bolup, Magtym Mäzem şu ýerde önüp-ösen bolmaly.
Magtym Mäzem Etrek-Gürgen sebitlerinde 10 ýyllap hökümdarlyk edip, hijri-kamary hasabynyň 900-nji ýylynda (miladynyň 1494-1495 ýyllary) aradan çykypdyr. Ýogalanda onuň jesedini, özüniň wesýet edişi ýaly, ak maýanyň üstüne ýükläp, düýe nirede çökse şol ýerde hem jaýlamaly edipdirler. Beýik piri Sumbar derýasynyň beýik kenarynda, tebigatyň örän ajaýyp ýerinde ýerläpdirler. Onuň mazarynyň üstüne kümmet salmaklyk uzaga çekipdir.
Kümmet Magtymguly — Könekesir ýolundan uzak bolmadyk ýerde orun tutýar. Ol iri ölçegli bişen kerpiçlerden bina edilipdir. Kümmetiň daşky görnüşi gönüburçly süýrümtil şekile eýe. Onuň beýikligi 10,69 metr bolup, depesi gümmez bilen basyrylypdyr. Jaýyň içinde bişen kerpiçleriň kömegi bilen 16 burçly ýyldyz şekili ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Binanyň şu bölegi hem ony XV-XVI asyrlar bilen senelemäge esas berýär. Desganyň mazar ýerleşýän otagy we onuň hüjresiniň iki bölümli ganaty bar. Ýadygärlikde XVII asyrda rejeleýiş işleri ýerine ýetirilipdir. Binanyň ylmy taýdan gaýtadan dikeldiş işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaki milli müdirliginiň alym hünärmenleriniň gözegçiliginde alnyp baryldy.