Magtymguly etrabyndaky dabara

Jemgyýet
12.05.2026
44

Magtymguly etrabyndaky dabara

Ýakynda Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalary tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden halypa ýazyjy-şahyrlar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşyp, olar ir säher bilen Balkan welaýat häkimliginiň hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Soňra bu ýere ýygnananlar Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül çemenleri goýup, akyldar şahyra tagzym etdiler. Muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklar, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň sergileri bilen tanyşdylar. Muzeýiň mejlisler jaýynda geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde edilen çykyşlarda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Dabara gatnaşanlar günüň ikinji ýarymynda Gerkez obasyna baryp gördüler. Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çykyşlary ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Magtymguly Pyragy muzeýiniň Gerkez obasyndaky şahamça muzeýine guralan gezelenç hem ýatda galyjy boldy.