
Magtymguly etrabyndaky döredijilik simpoziumy
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda Magtymguly etrabynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik simpoziumy geçirildi. Ajaýyp tebigaty bilen hemmeleri haýran galdyrýan etraba ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen suratkeşler ýygnandylar. Olaryň hatarynda halypa suratkeşler bilen birlikde, şekillendiriş sungatyna ýaňy baş goşan ýaş zehinli suratkeşler hem bar. Tebigat gözellikleriň üsti bilen türkmeniň akyldar şahyrynyň döredijilik älemini giňden wasp edýän eserleri döretmek birnäçe günläp dowam eden çäräniň esasy maksady boldy.
Magtymguly Pyragyny gören daglar, özboluşly tebigy aýratynlyga eýe bolan Aý daglary, ençeme aralyga uzalyp gidýän ajaýyp jülge, gözel Sumbaryň nary suratkeşleriň eserlerinde aýratyn orun tutdy. Olar beýik şahyra ylham beren keremli daglara seýran edip, açyk howada ak kendirde reňkleriň sazlaşygy astynda täze işleri döretdiler. Ussat halypalar ýaş suratkeşlere degerli maslahatlaryny berdiler. Mahlasy, simpozium oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.