Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Çäreler
06.06.2023
239

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde geçirildi.

Akyldar şahyrymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, ynsan mertebesini belent saklamak, il-güne, ene-ata, ula-kiçä hormat-sarpaly bolmak hakyndaky öwüt-ündewli şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe örän uly ähmiýete eýedigini bäsleşikde çykyş eden okuwçylar öz düzen goşgularynyň üsti bilen beýan etdiler. Şeýle-de olar beýik Pyragynyň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyndan birini ýatdan aýtdylar.

Netijede, Magtymguly etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Dünýä Meretgeldiýewa bäsleşigiň baş baýragyna, Balkanabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülbibi Şyhberdiýewa birinji, welaýat merkezindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Yhlas Gurbanow ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.