
Magtymgulynyň obasy
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez eserleri asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy mirasyna öwrülip geldi. Şahyryň baý döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna uly goşant goşandyr. Onuň 300 ýyl mundan ozal döreden gymmatly eserleri bu günki günde hem özüniň gymmatyny ýitirmän, eýsem dünýä halklaryny bir supra çagyryp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Eýsem beýik şahyryň döreden eserleriniň ylhamyny nirede, haýsy mesgende alandygy, haýsy ýerde kagyza geçirendigi bolsa şahyryň goşgularyna salgylansak Gerkez obasyny görkezýär.
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň iň bir gözel obalarynyň biri bolan Gerkez obasynyň ajaýyplygyny taryplamaga sözlerem ejiz bolsa gerek. Myhman düşlän her bir adamyň kalbynda sergin dag howasy, bagy-bakjasy, jana tenekär ter miweleri bilen oba durmuşynyň süýjüligine bolan söýgini oýarmagy başarýar. Gür baglyga bürenip oturan obanyň ýaşaýjylarynyň dillerinden ussat şahyryň şygyrlaryny diňlemegiň hem aýratyn lezzeti bolýar. Göýäki diýersiň, ussadyň hut özi obanyň bir çetinde durup türkmeniň bu ýeten bagtyýarlygyna syn edip duran mysaly duýgulary kalbyňa aralaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýola goýulan asylly däbe görä, beýik akyldarymyzyň dogduk obasy Gerkez obasynda, tebigatyň ajaýyp Sumbar jülgesinde şygryýetiň baýramçylygy ýylyň-ýylyna dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.