Maldarlaryň iş-aladalary

Ykdysadyýet
25.02.2023
254

Maldarlaryň iş-aladalary

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynda häzirki wagtda dowarlaryň 23 müň 653-si, düýeleriň bolsa 2 müň 319-sy bar. Dowarlaryň 15 müň 400-si ene mallardyr. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda dowarlardan 14 müň 230 owlak-guzy, düýelerden bolsa 496 köşek almak meýilleşdirildi. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin şu günler yhlasly zähmet çekýärler.

Hojalyga degişli bolan dowarlardyr düýeler häzirki wagtda Garagum sährasynyň ýaýlalary bolan Tutly, Garabogaz öri meýdanlarynda bakylýar. Gulmyrat Çaryýew, Perman Hallygulyýew, Meretmyrat Baýrammyradow, Nurgeldi Ataýew ýaly tejribeli çopanlar dowarlara, düýelere talabalaýyk ideg etmek bilen, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Tejribeli maldarlaryň şu günlerki iş-aladalary geljekki zähmet üstünliklerinden habar berýär.

Täze habarlar